- pessaý
- [pesa:ý]1) Ýuwaşlyk bilen, çalaja (ýel hakda).∙ Onuň güne ýanan goňur ýaňagyny ýalap geçýän pessaý şemalda gyz gatyşykly salkynlyk duýulýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Pessaý şemal gelen wagty, Gozganýar agaç depesi. (R. Seýidow, Bagtlylar)2) Ýuwaş, mylaýym, sada.∙ Klas ýolbaşçysynyň sesi kä çasly, kä pessaý çykýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Emma ahyret sözleri bilen gulagy ganan Halnazara Hojamyň pessaý, naýynjar sözleri aýratyn täsir etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.